TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmen ― hytaý hyzmatdaşlygy güýçlendiriler

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşmak maksady bilen Hytaýa amala aşyran iş saparynyň netijeleri barada giňişleýin maglumat berildi. Bu barada hormatly Prezidentimize Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow habar berdi.
Hytaýyň Başlygy Si Szinpin bilen geçirilen gepleşiklerde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni gatnaşyklary ösdürmek boýunça möhüm ylalaşyklar gazanyldy. Şeýle hem gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygyň täze tapgyryny başlamak baradaky teklipler beýan edildi.
Saparyň dowamynda birnäçe resminamalara gol çekildi we hyzmatdaşlygyň ugurlary boýunça täze mümkinçilikler açyldy. Döwlet Baştutanymyz Hytaý bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmegiň möhüm ähmiýete eýedigini nygtady.