BILIM

Türkiýede okamak isleýän lebaply ýaşlaryň dykgatyna

Türkiýede bilim almak isleýän daşary ýurt talyplary üçin örän uly mümkinçilikler berýän Türkiýäniň hökümet maksatnamasy bolan “Türkiye Bursları” talyp haky maksatnamasy üçin ýüz tutmalar 10-njy ýanwarda başlaýar. Bu barada bu talyp haky maksatnamasyny gurnaýan edaranyň jemgyýetçilik torunda habar berýär.
Türkiýe Respublikasy dünýäniň dürli künjeklerinden gelen daşary ýurtly talyplar
üçin “Türkiýe talyp haky” mümkinçiligi bilen uniwersitetleriň gapylaryny açýar.
“Türkiye Bursları” talyp haky maksatnamasy üçin ýüz tutmalar 2025-nji ýylyň
10-njy ýanwarda başlap, 20-nji fewrala çenli dowam edýär.