JEMGYÝET

Türkiýede ilkinji milli miweli seýilgäh açylar

«Известия» telekanalynyň aýtmagyna görä, bu proýekt ýurduň demirgazyk-günbataryndaky Ýalowa şäherinde durmuşa geçiriler.

Seýilgähe gelýänler bu ýerde Türkiýede ösüp ýetişýän köp sanly miweleri dadyp bilerler. Şeýle hem bu seýilgäh seýrek duş gelýän ösümlikleriň jemlenen ýeri bolar. Ýurtda miweleriň 2 müňden gowrak görnüşiniň ýetişdirilýändigi bellärliklidir. 2022-nji ýylda bu seýilgähde ösümlikleriň 840 görnüşini oturtmak meýilleşdirilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: