DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Türkiýedäki ýangynyň sebäbi belli boldy

Türkiýäniň Bolu welaýatyndaky “Grand Kartal” myhmanhanasynda 78 adamyň heläk bolmagyna sebäp bolan ýangynyň aşhanadan başlanandygy çaklanylýar. Aşhana işgärleriniň bişirilen towugy uzak wagtlap ýakyp goýandygy we gyzyp duran ýagyň üstüne dökülmegi netijesinde ýangyn ýüze çykypdyr.
Derňewçiler tarapyndan alnan maglumatlara görä, ýangyn sagat 03:21-de başlanýar. Aşpez we birnäçe işgär ýangyny suw bilen söndürmäge synanyşýarlar, emma bu hereket ýangynyň has hem güýçlenmegine sebäp bolýar.
“Köp wagt bäri arassalanmadyk howa kanallaryndan alaw üçege geçipdir we şondan myhmanhananyň üçegine çalt aralaşypdyr” diýip, türk neşirleri ýazýar. Aşhana işgärleri howsala düşüp, myhmanhanadan ylgap çykypdyrlar. Myhmanlar bolsa ýangyn duýduryjynyň işlemeýändigi sebäpli, ýangyn hakynda wagtynda habar alyp bilmändirler. Aşpezleriň biriniň aýtmagyna görä, olar takmynan 40 minutlap öz güýjüne daýanyp, ýangyny söndürmäge synanyşypdyrlar we hiç hili ot söndüriji enjamlaryň ýokdugyny görüpdirler. Onuň sözlerine görä, aşhana işgärleri myhmanhananyň penjirelerinden böküp düşen birnäçe
adamy halas etmek üçin galyň düşekleri ulanypdyrlar.
Myhmanhanadaky ýangyn basgançaklara geçiş ýollarynyň ýapyk bolmagy, şeýle-de şeýle binalarda ot söndüriji ulgamyň talap edilmeýänligi pidalaryň sanynyň artmagyna sebäp bolupdyr diýip, adatdan daşary ýagdaýlar we iş ýerleriniň howpsuzlygy boýunça hünärmen Haji Latyf Işjan belleýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: