TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkiýe üçin wiza resminamalary ýene-de «Nowruz halyda» kabul ediler

4-nji maýdan başlap Türkmenistanyň raýatlarynyň Türkiýä wiza arzalaryny kabul ediji operator bolan «Mosaic Visa» wiza merkezi işini Aşgabat şäherindäki täze ofisinde — Garry Kulyýew köçesiniň 88-nji jaýynda ýerleşýän «Nowruz haly» binasynda dowam etdirer. Bu barada kompaniýanyň resmi Instagram sahypasynda habar berildi.
«Mosaic Visa» kompaniýasy şu ýylyň başyndan bäri Türkmenistanyň raýatlary üçin Türkiýä wiza arzalarynyň kabul edilmegi boýunça resmi operator hökmünde işleýär. Raýatlar syýahatçylyk, iş, talyp, işewürlik, tranzit we beýleki görnüşler boýunça wiza resminamalaryny ofise baryp ýa-da onlaýn portal arkaly tabşyryp bilerler. Habarlaşmak üçin 75 41 02, 75 41 03, 75 41 04, 75 41 05 we 75 41 06 telefon belgileri görkezildi.