DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Türkiýä äpet meteorit düşdi

Türkiýäniň günorta-gündogaryndaky birnäçe sebitiň ýaşaýjylary meteoritiň gaçandygyny gördüler.

Çaklamalara görä, asman jisimi Şanlyurfa sebitine gaçdy.

Meteorit ýoldan geçip barýan awtoulag sürüjileriniň wideoregistratorlary tarapyndan ýazgy edilipdir.  Onuň ýanyp duran bölekleri asmany ýagtylandyrýar. Ýerli teleýaýlym meteoritiň ýerli wagt bilen takmynan 20:15-de düşendigini habar berdi.

Malatýa, Erzurum, Elazyg, Gaziantep welaýatlarynyň ýaşaýjylary hem bu hadysany synladylar ­­— diýip, mir24.tv. habar berýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: