«Turkish Airlines» kompaniýasy Aşgabada gatnawlary ýola goýmagy meýilleşdirýär

Aug 29, 2020

Koronawirus sebäpli halkara gatnawlaryny togtadan we käbir ýurtara howa ganawlaryny 11-nji iýunda täzeden başlan Türk Howaýollary awiakompaniýasy sentýabr aýynda täze uçuş meýilnamasyny yglan etdi, diýip Daily Sabah neşirine salgylanmak bilen, Turkmenportal habar berýär.
Kompaniýa 16-njy awgustda beren beýanynda “milli we halkara saglygy goraýyş edaralary bilen oýlanyşykly işleriň netijesinde ” indiki aý üçin meýilnama barada ylalaşandyklaryny aýtdy.
Beýannamada bu kyn döwürde meýilnama düzmek kynlygy we uçuşlaryň togtadylmagy hökümetleriň kararlaryna baglydygy sebäpli müşderilere çeýe syýahat mümkinçilikleriniň hödürlenjekdigi bellenilýär. Şonuň üçin müşderilere 21-nji martdan 31-nji awgust aralygynda satyn alnan biletleri çalyşmak üçin çäksiz mümkinçilikler hödürlenilýär.
Kompaniýa 1-nji sentýabrdan Aşgabada (Türkmenistan) uçuşlary bilen birlikde Eýrana (Tähran, Töwriz, Şiraz we Maşat), Kanada (Wankuwer); Madagaskara (Antananariwu); Estoniýa (Tallinn), Latwiýa (Riga), Gruziýa (Batumi we Tbilisi); Wýetnama (Hanoý we Hoşimin şäheri); Saud Arabystanyna (Dammam we Riýad); Alžire( Konstantin we Oran); Owganystana (Mazar-i-Şerif); Russiýa (Krasnodar, Soçi we Kazan); Yrak (Süleýmaniýa); Hindistana (Mumbay we Nýu-Deli); Bahreýne, Iordaniýa (Amman); Litwa (Wilnius); Mongoliýa (Ulan Bator), Gresiýa (Saloniki); Marokko (Marakeş); Omana (Muskat); Nigeriýa (Abuja, Lagos); Günorta Afrika (Keýptaun, Ýohannesburg we Durban) we Birleşen Arap Emirliklerine (Abu Dabi) uçuşlaryny dowam etdirmegiň meýilleşdirilendigini habar berdi.

Поделиться ссылкой:

Leave a Reply

Войти с помощью: