Türkiýäniň Söwda ministrliginiň maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylyň ýanwar –
noýabr aýlarynda Türkiýäniň Türkmenistana haly eksporty 3,5 göterim ýokarlanyp, $4,9 milliona ýetdi.
2024-nji ýylyň noýabr aýynda Türkiýe bahasy $225,085 bolan halylary Türkmenistna eksport etdi. Munuň özi 2023-nji ýylyň noýabryndaky görkezijiden 14,2 göterim köpdür.
2024-nji ýylyň ýanwar – noýabr aýlarynda Türkiýäniň daşary ýurtlara iberen haly önümleriniň umumy möçberi hem oňyn ösüş depgini görkezip, ýyllyk hasaplamada 5 göterim ýokarlandy we $2,6 milliarda ýetdi.
Türk halylaryny geçen ýyldakydan 3,5 göterim köp eksport edýäris

06
Jan