29-njy dekabrda Aşgabadyň Gyşky oýunlar sport toplumynda «Semijenk» sahna ady bilen tanalýan türk estrada aýdymçysy Jenk Başyň konserti boldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Konsertiň dowamynda aýdymçy «Düşer aklıma», «Al Sevgilim», «Yana Yana», «Mesafe», «Dayan» ýaly aýdymlary ýerine ýetirdi. Çäre Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda geçirildi.
Türk estrada ýyldyzy Semijenk Aşgabatda konsert berdi
30
Dec
