Azerbaýjanyň «Turan Towuz» futbol topary baş tälimçisi Gurban Berdiýew bilen şertnamany ýene bir möwsüm uzaltmak mümkinçilikligi işjeňleşdirdi. Bu barada Azerbaýjanyň sport neşirleri habar berýär.
Häzirki şertnama 2026-njy ýylyň 30-njy iýunyna çenli güýjünde galýar.
Bu karara toparyň üstünlikli netijeleri we Azerbaýjan çempionatyndaky liderligi sebäpli gelinendigi bellenilýär.
Mundan başga-da, klubyň ýolbaşçylary Berdiýewiň şertnamasyny azyndan üç ýyl möhlet bilen we has gowy şertler bilen täzeden teklip etmegi meýilleşdirýärler.
«Turan-Towuz» Gurban Berdiýew bilen şertnamany uzaltmak isleýär
29
Oct
