SPORT WE SYÝAHAT

Tuhel ― «Bawariýanyň» täze baş tälimçisi!

Germaniýanyň «Bawariýa» futbol toparyna mundan beýläk Tomas Tuhel tälim berer. «Maýns», «Borussiýa Dortmund», PSG we «Çelsi» toparlarynyň öňki baş tälimçisi Mýunhen klubynda Ýulian Nagelsmanyň ornuny tutdy.

49 ýaşly nemes tälimçi “Bawariýa” bilen 2025-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli şertnama baglaşdy. Bu karar klubyň başlygy Oliwer Kan we sport direktory Hasan Salihamijiç tarapyndan kabul edildi we prezident Gerbert Haýner bilen hem ylalaşyldy.

Tuhel «Bawariýanyň» başyndaky ilkinji oýunyny 1-nji aprelde Dortmundyň «Borussiýa» toparyna garşy öz öýünde oýnar. Çempionlar ligasynyň 1/4 finalynda topar «Mançester Siti» bilen duşuşar.

Tuhel tälimçilik döwründe Çempionlar ligasy, UEFA Super kubogy, klublar arasyndaky dünýä çempionaty we Fransiýa çempionaty ýaly kuboklaryň 10-syny gazandy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: