JEMGYÝET

TSTP hoşallyk maslahatyny geçirdi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly düýpli ylmy işiniň XV jiltiniň çapdan çykmagy mynasybetli Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat komitetiniň mejlisler jaýynda hoşallyk maslahaty geçirildi.

Türkmenabat şäher medeniýet bölümi bilen bilelikde guralan maslahata syýasy partiýanyň agzalary, Türkmenabat Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary, medeniýet-sungat işgärleri gatnaşdylar.

Milletiň Lideriniň türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikler we olaryň halk lukmançylygynda ulanylyş aýratynlyklary baradaky bu kitabyň dünýäniň köp dillerine neşir edilip, daşary ýurt okyjylaryna hem elýeterli bolmagy ýurdumyzyň şan-şöhratynyň artmagyna ýardam edýär. Şonuň ýaly-da, kitap lukmançylyk pudagyna uly goşant goşan türkmen halkynyň köp asyrlyk tejribesi we däpleri bilen tanyşmak üçin ajaýyp mümkinçilikleri döredýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: