JEMGYÝET

TSTB-niň welaýat birleşmesinde döredijilik duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi. Bu çärä döredijilik işgärleri, ýerli telekeçiler, işjeň partiýa agzalary gatnaşdylar.

Duşuşykda edilen çykyşlarda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli halkara derejesinde ýaýbaňlandyrylýan giň gerimli çäreler barada aýratyn nygtaldy. Şeýle hem dana Pyragynyň goşgularynyň dünýä halklary tarapyndan söýlüp okalýandygy bellenildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: