DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Tramp: «Munça-da bir baha bolarmy?!»

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp öňde duran futbol boýunça dünýä çempionatynyň oýunlaryna giriş petekleriniň gymmatdygyny aýdyp, şeýle bahadan petek satyn almakdan saklanjakdygyny mälim etdi. Ol ABŞ bilen Paragwaýyň arasyndaky duşuşygyň petekleriniň 1 müň dollara ýetýändigine ünsi çekip: «Men beýle gymmatdyr öýtmeýärdim. Elbetde, oýny görerdim, ýöne munça pula petek satyn almazdym» diýdi.
Futbol boýunça dünýä çempionaty 11-nji iýundan 19-njy iýul aralygynda ABŞ-nyň, Kanadanyň we Meksikanyň stadionlarynda geçiriler. Habar berlişine görä, oýunlaryň giriş petekleriniň bahasy 100 dollardan 6370 dollar aralygynda bolar. Şeýle hem FIFA-nyň final duşuşygynyň petekleriniň bahasyny ep-esli ýokarlandyrandygy, 19-njy iýulda Nýu-Jersi ştatynyň Ist-Raterforddaky «MetLife» stadionynda geçiriljek finalyň giriş peteginiň 32 970 dollara çenli ýetýändigi habar berildi.