DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

«Toyota» önümçiligini peseldýär

«Toyota»-nyň global önümçiligi azalmagyny dowam edýär. Awgust aýynda bu görkeziji 11 göterim pese gaçdy. Reuters agentliginiň ýazmagyna görä, bu kompaniýa üçin yzygider ýedinji aý pese gaçyşdyr.

Bir aýyň dowamynda ýapon awtoulag öndürijisi 709 571 awtoulag çykardy.
Ýaponiýada içerki önümçilik 22 göterim azaldy. Bu pese gaçyşlygyň esasy sebäplerinden biri, ýurduň üpjünçilik zynjyryny bozan taýfun boldy. Kynçylyklaryň ýene biri-de zawodlaryň işiniň wagtlaýyn togtamagyna sebäp bolan sertifikatlaşdyrmak bilen bagly dawa sebäpli ýüze çykdy.
Şeýle-de, Toyota ABŞ-da wnedorožnikleriň iki modeliniň önümçiligini togtatdy.
Häzirki kynçylyklara garamazdan, kompaniýa dünýäde öňdebaryjy awtoulag öndürijilerinden biri bolmagynda galýar hem-de önümçiligi dikeltmek we önümlerine bolan islegi kanagatlandyrmak bilen bagly meseleleri çözmegiň üstünde işjeň işleýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: