JEMGYÝET

Towşan ýyly bosagadan ätledi

Hawa şu gün täze ― 2023-nji ýylyň ilkinji güni. Ol Gündogar senenamasyna laýyklykda towşan ýyly diýlip hasaplanylýar. Towşan ýyly tertibi boýunça dördünji bolup, ol her on iki ýyldan gaýtalanýar. Münejjimleriň (astrologlaryň) tassyklamalaryna görä, bu ýyl bagt getirýän ýyl bolar. Ol asuda we ylalaşykly ýagdaýda geçer. Sebäbi towşan tebigaty boýunça ýumşak, mylaýym we eýjejikdir. Ol hiç kime hiç haçan düýpli zeper ýetirmeýär. Towşan ýyly şeýle-de özara gatnaşyklara abadançylyk, rowaçlyk, maşgala durmuşyna bolsa bagt getirer. Täze ýylda maşgala gatnaşyklaryna has köp üns bermek maslahat berilýär. Sebäbi towşan maşgalaçyldyr. Onuň üçin ikinji bölegi we nesilleri uly ähmiýete eýedir. Towşan ýylynda ýaşlaryň  köpüsi maşgala gurmaga, nika baglaşmaga höwesli bolýar.

Towşan ýyly gutly we düşümli bolsun!  

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: