SPORT WE SYÝAHAT

“Tottenhemiň” ozalky futbolçysy türkmen eminlerine sapak geçdi

Aşgabat şäheriniň Köpetdag stadionynda FIFA-nyň «Talent Identification Course» maksatnamasynyň çäginde geçirilen üç günlük okuw seminary tamamlandy. Türkmenistanyň Futbol Federasiýasynyň (TFF) we FIFA-nyň bilelikde gurnan bu seminaryna ýurduň ähli sebitlerinden çagalar we ýaşlar toparlarynyň tälimçileri gatnaşdy. Olaryn arasynda lebaply eminler hem bar.
FIFA-nyň mugallymy “RB Leýipzig”, “Kuinz Park Reýnjers” we “Tottenhem” ýaly meşhur futbol toparlarynda tejribesi bolan iňlis hünärmeni Riçard Allen boldy. Ol seminara gatnaşyjylara futbol zehinini gözlemegiň we kesgitlemegiň esaslaryny öwretdi.
Bu çärä FIFA-nyň sebitleýin tehniki direktory Gruziýadan Gaýoz Darsadze we TFF tehniki bölüminiň başlygy, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Röwşan Meredow hem gatnaşdy.
Bu seminar, tälimçileriň ýaş zehinler bilen işlemekde başarnyklaryny ýokarlandyrmak arkaly Türkmenistanda futbolyň ösmegine itergi bermek üçin geçirildi.