YKDYSADYÝET

«Toprak» hojalyk jemgyýeti kagyz galyndylaryny gaýtadan işlenýär

«Toprak» hojalyk jemgyýetinde her aýda 250 — 300 tonna golaý kagyz galyndylarynyň gaýtadan işlenilmegi bilen, karton önümçiligi üstünlikli alnyp barylýar. Onuň içerki bazardan artan mukdary Özbegistan we Azerbaýjan Respublikalaryna eksport edilýär. Hojalyk jemgyýetiniň önümhanalarynda ýokary tehnologiýalar esasynda dürli şekilli karton gutular, gaplama önümleri öndürilýär we «NowaEco» haryt nyşany bilen sarp edijilere goýberilýär. Şeýle hem hojalyk jemgyýetinde dokma önümçiliginde ulanylýan kagyz tegekleriniň (dükje) önümçiligi hem ýola goýlan. Geljekde kärhananyň işçi-hünärmenleri täze önümiň — A4 ölçegdäki ofis kagyzlarynyň önümçiligini ýola goýmagy maksat edinýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: