BIZE YAZYARLAR

TOPH gaz geçirijisiniň ykdysady guramaçylyk we hukuk meseleleri

2025-nji ýyl Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hökmünde belent maksatlara beslenýär. 19-njy martda Aşgabadyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüsýi üpjin etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahat bu ýylň çäklerinde guralan möhüm çäreleriň biridir.
Maslahatyň dürli ýurtlardan wekilçilik eden gatnaşyjylary bu forumyň sebitleýin ykdysady ösüsýe we parahatçylyk ornatmakdaky ornuny ara alyp maslahatlaşdylar. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly senesi bilen utgaşýan bu halkara çärä türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagy onuň ähmiýetini has-da ýokarlandyrdy. Milli Lideriň täsirli çykyşy Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde durmuşa geçirilýän maksatlar we wezipeler babatda anyk garaýyşlary beýan etdi.
Çykyşyň dowamynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň sebitiň ykdysady ösüşine ýetirjek oňyn täsirine aýratyn üns berildi. Bu iri taslama diňe bir energetika howpsuzlygyny üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, sebitara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem gönükdirilendir. Bellenilişi ýaly, taslamanyň esasy maksady häzirki döwürde jemi 1 milliard 750 million ilaty bolan ýurtlary tebigy gaz bilen üpjün etmekden ybaratdyr. Milli Liderimiziň bellemegine görä, bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi babatda ähli işler meýilnamalaýyn alnyp barylýar.
Häzirki wagta çenli gaz geçirijiniň 214 kilometrlik böleginde gurluşyk işleri üstünlikli tamamlandy. Geçen ýylyň sentýabr aýynda 153 kilometrlik Serhetabat — Hyrat böleginiň gurluşygyna badalga berildi. Şu günki gün taslamanyň Owganystanyň çäklerindäki gurluşyk işleri gyzgalaňly dowam edýär. Şeýle hem bu iri taslama Owganystanda 12 müň iş ornuny döretmek bilen, goňşy ýurduň parahatçylykly ösüşine uly goşant goşar. Şeýle hem bu tutum ýurtda ençeme möhüm ynsanperwer soraglary çözmäge ýardam eder. Taslamanyň amala aşyrylmagy köp sanly ýuridik, täjirçilik, maliýe meselelerini çözmek bilen baglydyr.
Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň çäklerinde nebitgaz ulgamynda işler halkara tejribede emele gelen kadalara we standartlara laýyklykda alnyp barylmalydyr diýip, hormatly Arkadagymyz aýtdy hem-de şu maslahatyň energetika kompaniýalarynyň, konsalting firmalarynyň we banklaryň ýolbaşçylaryna, hünärmenlerine hem-de bilermenlerine Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň çäklerinde bilelikde işlemek barada pikir alyşmaga mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi.

Şatlyk HUDAÝNAZAROW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň türkmen
edebiýaty we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň mugallymy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: