TOP (Türkmenistan ― Owganystan ― Pakistan elektrik geçirijisi) taslamasynyň amala aşyrylmagy bilen, owgan tarapy diňe togy üstaşyr geçirmek arkaly ýylda 100 million amerikan dollary möçberinde girdeji alar.
Mälim bolşy ýaly, birnäçe gün mundan ozal, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda gatnaşmagynda Türkmenistanyň we Owganystanyň halklarynyň umumy bähbidine hyzmat etjek möhüm desgalaryň işe girizildi.
Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň elektrik energiýasy Hyradyň “Nur-el-Jahad” elektrik bekedine iberilip başlandy.
Şu we beýleki taslamalaryň netijesinde Owganystanyň Türkmenistandan 1000 megawata çenli elektrik energiýasyny import edip hem-de üstaşyr geçirip biljekdigini ýerli wekiller guwanç bilen dile getirýärler.