YKDYSADYÝET

Tomusda täze içgiler peýda bolar

Daşoguz welaýatynyň Görogly etabyndaky «Döwür gurluşyk» hususy kärhanasy tomus paslynyň golaýlamagy bilen täze tagamly, dürli reňkli alkogolsyz içgileriň öndürilişini artyrmagy göz öňünde tutýar, diýip, «Türkmenistan. Altyn asyr» ýazýar.

Kärhananyň hünärmenleri çig maly we beýleki önümçilikde zerur bolan zatlary almak üçin daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen şertnama baglaşdylar. Bu bolsa isleg bildirilýän içgileriň hilini we önümleriň girdejiligini artdyrmaga mümkinçilik berýär.

Kärhananyň öndürýän «Döwür» haryt nyşanly alkogolsyz içgileri ýurdumyzyň günbatar sebitinde uly islegden peýdalanýar.

Kärhanada öndürilýän içgiler üçin esasy çig bolup hyzmat edýän agyz suwunyň hiline, onuň birnäçe gezek süzülip, gerekmejek goýundylarynyň aýrylmagyna uly üns berilýär. Bir ýylyň dowamynda kärhana 500 müň dekalitr içgileri öndürmäge ukyplydyr.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: