BIZE YAZYARLAR

 Tomusda derini nädip goramaly?

Deriniň ýagdaýyna zyýanly täsir edýän faktorlaryň (çilim çekmek endigi, ýaramsyz ekologiýa şertleri, nädogry iýmitleniş) arasynda ultramelewşe şöhlelenmäniň has agressiw häsiýete eýe bolup durýandygyny dermatolog we kosmetolog lukmanlar hemişe tekrarlap gelýärler. Soňky 10 ýylyň dowamynda ozon gatlagynyň ýukalandygy sebäpli ultramelewşe şöhlelenmäniň 3-10%-e çenli güýjändigini alymlar subut etdiler.

Dogry, Gün şöhlesiniň adam bedenine oňyn täsir edýändigini inkär edip bolmaýar. Ultramelewşe şöhle immuniteti pugtalandyrýar, ganaýlanyşy gowulandyrýar. Beden öýjüklerinde dişler we süňkler üçin peýdaly D witamininiň işlenilip çykarylmagyna itergi bermek bilen rahitiň, osteoporozyň, artrozyň, artritiň ýüze çykmagynyň öňüni almaga ýardam edýär. Ultramelewşe şöhleler kesel dörediji bakteriýalara garşy täsir etmek bilen adamy ýokanç kesellerden goraýar. Şeýle-de bolsa, artykmaç kabul edilende ultramelewşe şöhleleriniň derini zeperlendirip, adamyň saglygyna örän uly zyýan ýetrip biljekdigini hem ýatda saklamaly.

Eýsem, ýylyň yssy aýlarynda, ylaýta-da, jöwzaly tomusda Gün şöhlesiniň zyýanly täsirinden nädip goranmaly?

  • Gündiz sagat 10-00-dan 18-00-a çenli (aýratyn hem ýaz-tomus aýlarynda) göni düşýän Gün şöhlesiniň aşagynda köp bolmakdan saklanmaly.
  • Suwa düşülýän ýerlerde, deňziň kenarynda Gün wannalaryny yzygiderli we uzak wagtlap kabul etmekden saklanmaly.
  •  Tomusda, esasan, açyk reňkli nah matalardan giň biçüwde tikilen uzyn ýeňli köýnekleri geýmeli.
  •  Kelläňe ýaglyk daňmaly, başgap geýmeli.
  • Daşary çykanyňda, ultramelewşe Gün şöhlesinden göz torjagazyny goraýan äýnekleri dakynmaly.
  •  Diňe bir ýagyşly howada däl-de, eýsem, yssy günlerde hem saýawan götermeli.
  • Tomusda deriniň açyk ýerlerine düzüminde ultramelewşe Gün şöhlesiniň täsirini artdyryp, deride durnukly menekli tegmilleri döredip bilýän efir ýaglaryny we beýleki maddalary saklaýan gözellik serişdelerini çalmakdan, gülaplary, atyrlary, dezodorantlary sepmekden saklanmaly.
  • Deriniň ultramelewşe şöhlelenmä duýgurlygyny ýokarlandyrýan, fotosensibilirleýji täsire eýe bolan derman serişdelerini (doksisiklin, tetrasiklin, sulfanilamidler), aýallarda göwrede çaganyň galmagynyň öňüni alýan dermanlary, grizeofulwini, neýroleptikleri, furosemidi, naprokseni kabul etmekden saklanmaly. 
  • Tomusda suwuklygy (çaý, suw, gazsyz mineral suwlar, çal, kompot, gök önüm we miwe şireleri) ýeterlik ulanmaly. Her gün 8-10 stakan arassa agyz suwuny içmeli.
  • Tomusda immuniteti berkitmäge, ultramelewşe şöhlelenmäniň ýaramaz täsirini ýeňmäge kömek edýän С witaminine baý (ülje, pomidor, sitrus miweler, gülkelem, smorodina, malina), PP witamininiň egsilmez çeşmesi bolup durýan (greçka, süýt, malyň bagry, kösükliler) önümlere ürç etmeli.
  •  Düzüminde furokumarin saklaýan önümleri: injiri, petruşkany, laýmy, käşiri, seldereýi, gorçissany we fotosensibilirleýji häsiýeti bilen tapawutlanýan beýleki önümleri tomusda ulanmak maslahat berilmeýär.
  • Diňe bir tomusda däl, eýsem, ýazda hem deri öýjüklerine tebigy süzüji bolan melanini işläp çykarmaga kömek edýän, ultramelewşe Gün şöhlesini süzüp geçirýän kremleri ulanmak maslahat berilýär. Günüň gyzyp başlaýan ilkinji aýlarynda, ýagny baharda A-ultramelewşe we B ultramelewşe şöhlelerinden goraglylyk faktory, ýagny SPF 25-50, tomusda bolsa 50+ görkezijilere barabar bolan kremleri peýdalanmaly. Kremi bedeniň açyk ýerlerine: ýüzüň, boýnuň, elleriň, aýaklaryň derisine çalmaly. Elbetde, SPF-50+ görkezijili kremler tutuş günläp açyk Günüň aşagynda bolmagyň howpsuzdygyny kepillendirmeýär. Daşarda bolmak howpsuz hasaplanylýan wagt SPFx10 minut formulasy boýunça hasaplanylyp, çykarylýar. Bu formula boýunça SPF-50 + görkezijili krem Günüň aşagynda 500 minutlap (50×10=500) bolmaga mümkinçilik berýär. Galyberse-de, ultramelewşe Gün şöhlesinden goraglylygy üpjün edýän kremler suwuklygyň täsirine durnuksyz bolup, suwa düşülenden soň ýa-da endam derlände täsirini ýitirýär. Diýmek, olary käte günüň dowamynda birnäçe gezek ulanmaga zerurlyk ýüze çykýar. Gün şöhlesiniň 80% derä aralaşýandygyny göz öňünde tutup, şeýle kremleri hatda bulutly günlerde-de peýdalanmak maslahat berilýär.

Gülnabat Gulowa.

welaýat onkologiýa hassahanasynyň lukmany.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: