BIZE YAZYARLAR

Tomus pasly üçin peýdaly maslahatlar

Tomus paslynda Günüň ýiti şöhlesinden goranmak üçin açyk reňkli nah matadan, ýeňil we giň tikilen egin-eşikleri, başgaplary geýmeli, ýaglyk daňynmaly. Günden goraýan äýnekleri dakynmaly we saýawan ulanmaly.
Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaly. Ir säher sagat 06.00-dan 09.00-a çenli, agşam sagat 18.00-dan soň arassa howada gezelenç etmeli.
Gün şöhlesi dogry peýdalanylanda bedende D witamini emele gelýär, şonuň üçin Gün şöhlesinden ýerlikli peýdalanmaly.
Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk kadalaryny berk berjaý etmeli. Bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin sagdyn we kadaly iýmitlenmeli.
Gigiýeniki talaplary berk berjaý edip, günüň dowamynda köpräk gök önümleri we miweleri iýmeli.
Günüň dowamynda kabul edilýän nahar duzunyň 5 gramdan artyk bolmazlygyny gazanmaly.
Günde 2 litrden az bolmadyk möçberde arassa agyz suwuny içmeli.
Şöhlat önümlerini we beýleki tiz zaýalanýan önümleri ürç edip iýmekden saklanmaly.
Ýiti iýmit zäherlenmeleriniň we ýiti içege ýokanç keselleriniň öňüni almak maksady bilen, iýmit önümlerine bildirilýän gigiýeniki talaplary dogry berjaý etmeli, olary söwda merkezlerinden satyn almaly, öý şertlerinde talabalaýyk saklamaly we belgileniş nyşanynda görkezilen möhletine laýyklykda ulanmaly.
Lukman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanylan melhem çaýy maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp içmeli.
Möwsümleýin döreýän keselleriň ilkinji alamatlary ýüze çykan ýagdaýynda hökman maşgala lukmanyna ýüz tutmaly.
Derman serişdelerini, şol sanda antibakterial derman serişdelerini özbaşdak ulanmaly däl.
Keselleriň öňüni alyş sanjymlaryny maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp, öz wagtynda almaly.
Howuzlarda, akabalarda we deňizde suwa düşülende hökman suwa düşmegiň tertip-düzgünlerini berk berjaý etmeli.
Saglyk döwlet ätiýaçlandyrmasynyň şertnamasyny baglaşyp, döredilen ýeňilliklerden peýdalanmaly, ýylda bir gezek ýurdumyzda hereket edýän şypahanalarda saglygyňyzy berkitmeli.

Jumamyrat ÝOLLYÝEW,
Türkmenabat şäher hassahanasynyň hirurg lukmany.