JEMGYÝET

Tomus bilen bagly maslahatlar berildi

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi welaýat neşirinde tomus paslynda Günüň ýiti şöhlesinden goranmak bilen bagly maslahatlaryny paýlaşdy. Ol maslahatlar aşakdakylardan ybarat:

— Gün şöhlesinden dogry peýdalanmak üçin irden sagat 10.00-a çenli, öýlän 18.00-dan soň arassa howada gezelenç etmeli.

— Az-azdan birnäçe gezek naharlanmak bilen, gök-bakja önümlerini, miweleri köpräk iýmeli.

— Günüň dowamynda 2,5-3 litre golaý arassalanylan agyz suwuny, gaýnadylyp sowadylan suwlary içmeli.

— Tomusda bedeniň köp mukdarda suwuklygy bölüp çykarýandygyny göz öňünde tutup, bedenterbiýe maşklaryny ýapyk binalarda ýerine ýetirmeli.

— Mör-möjeklerden seresap bolmaly.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: