Tokiodaky Olimpiada gatnaşjaklar ozalyndan «COVID-19»-dan iki gezek barlagdan geçmeli bolarlar
Tokiodaky Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlaryna gatnajaklaryň hemmesi Ýaponiýa uçmazlaryndan ozal iki gezek «COVID-19»-dan barlagdan, ol ýurda gelenlerinden soň bolsa koronawirusa garşy proseduralary geçmeli bolarlar, diýip «Российская газета» ýazýar.
Halkara Olimpiýa komitetiniň, Halkara Paralimpiýa komitetiniň, Tokiýonyň admistrasiýasynyň, Oýunlaryň guramaçylyk komitetiniň we hökümetiň ýolbaşçylarynyň onlaýn duşuşygyndan soň şeýle karara gelindi.
Bulardan başga-da, türgenler Ýaponiýa gelenlerinden soň üç günüň dowamynda günde test tabşyrmaly bolarlar. Ondan daşary hem, ýaryşlara gatnaşyjylar bellenilen ýerlerden başga ýerlerde naharlanyp we jemgyýetçilik ulaglaryndan peýdalanyp bilmezler.
Bu çäreleriň hemmesi kesel ýokuşmagynyň öňüni almak hem-de keseliň bildiriksiz geçýänlerini anyklamak üçin edilýär.