SPORT WE SYÝAHAT

Tokio-2020 oýunlary haýran galdyrmagyny dowam edýär

Tokioda geçirilýän XXXII tomusky Olimpiýa oýunlary taryhda iň tehnologik Olimpiada bolar: robot-janköýerler, gaýtadan işlenen gadžetlerden taýýarlanan medallar, teletomaşaçylar bolsa hatda türgenleriň ýürek urşuny görüp bilerler… Ýöne Tokio Olimpiadasynda haýran galdyrýan täsinlikler diňe bular bilen tamamlanmaýar.

  • Häzirki Olimpiada sport görnüşleri boýunça rekord derejede: olaryň sany 33. Oýunlar desgalaryň 41-sinde geçiriler. Olimpiýa oýunlarynyň taryhynda munuň özi görlüp-eşidilmedik waka.
  • Oýunlary ýokary guramaçylykda geçirmek üçin Ýaponiýa 15 milliard dollardan gowrak serişde sarp etdi. Ýöne onuň öwezini dolmak mümkin däl. Çünki pandemiýa sebäpli oýunlara janköýerler gatnaşdyrylmaýar. Bu bolsa onuň bähbitsiz tarapy.
  • Türgenleriň arasynda siriýaly Hend Zaza aýratyn meşhurlykdan peýdalanýar. 12 ýaşly gyzjagaz Oýunlaryň iň ýaş gatnaşyjysy bolar. Hend Zaza stol tennisi boýunça ýaryşlara gatnaşar.
  • Meri Hanna bolsa Tokio-2020-niň iň uly ýaşly türgenidir. Ol atçylyk sporty boýunça ýaryşlara 66 ýaşynda gatnaşar. Awstraliýaly türgen Olimpiýa oýunlaryna indi 5-nji gezek gatnaşýar.
  •  Oksana Çusowitinanyň Olimpiada 8-nji gezek gatnaşmagy bolsa sport gimnastikasy boýunça rekord görkezijidir. 46 ýaşly Çusowitina Özbegistanyň adyndan wekilçilik edýär.
  • Olimpiadada iň köp adamly topar — ABŞ. Amerikanlar Tokio Olimpiadasyna 613 türgen iberdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: