Tokaýlaryň Ýer togalagynyň ýaşaýjylaryna edýän täsirini ürç edip öwrenen alymlar ýakynda özlriniň gelen netijeleri barada “Ecology Letters” žurnalynda çykyş etdiler. Olaryň pikiriçe, tokaýlar Ýer togalagyndaky ýaşaýşy kisloroddyr beýleki gerekli zatlar bilen üpjün edip, tebigatdaky zatlary sazlap durýar. Ýer ýüzünde 2000 million adamy tokaýlar ekleýär. Ol howany arassalap, käbir keselleri bejermäge kömek edýär. Soňky ýyllarda dünýäniň köp ýerlerinde oba hojalyk ekinlerini ekmek üçin tokaýlaryň köpçülikleýin ýok edilmegi ýabany haýwanlaryň käbir görnüşleriniň ýitip-ýok bolmagyna getirdi. Şonuň bilen birlikde-de, tebigatdaky sazlaşyklar bozulyp, topragyň düzüminde üýtgeşikler bolup geçýär. Tokaýlaryň azalmagy tebigatdaky hadysalaryň üýtgemegine eltýär. Netije-de howanyň yssylyk derejesi göterilýär.

             (Internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy).

                                       Taýýarlan Allaýar ORAZOW.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: