SPORT WE SYÝAHAT

TMÝG-nyň Kerki etrap geňeşi merkezi neşir bilen bilelikde döredijilik bäsleşigini yglan etdi

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan Sport»
halkara žurnaly bilen TMÝG-niň Kerki etrap Geňeşi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly
mynasybetli umumybilim berýän mekdeplerde, ýörite we ýokary okuw mekdeplerinde
okaýan we sport bilen meşgullanýan okuwçylaryň, talyplaryň, şeýle-de döredijilik bilen
meşgullanýan ýaşlaryň arasynda geçirilýän «Dünýä dursun parahat!» atly döredijilik
bäsleşigini yglan edýär.
Bäsleşik edebiýatyň we žurnalistikanyň dürli ugurlary boýunça geçirilýär. Oňa gatnaşyjylar
döredýän eserlerinde Türkmenistanyň hoşniýetli Bitaraplyk we «Açyk gapylar» syýasatynyň
belent ösüşlerini beýan etmelidirler. Bäsleşige hödürlenýän eserler «Dünýä dursun
parahat!» diýen ýazgy bilen hödürläp, gatnaşyjy özi baradaky maglumat bilen «7/24.tm:
«Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň e-mail: turkmenistansport@sanly.tm elektron
salgysyna 2025-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli iberilmelidir.
Bäsleşigiň jemi Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň
güni mynasybetli jemlener. Bäsleşikde iň gowy 6 sany makala saýlanyp alnar we 1-nji (1
sany), 2-nji (2 sany), 3-nji (3 sany) orunlar boýunça ýeňijiler kesgitleniler. Şeýle-de, has
işeňňir gatnaşan okuwçylaryň we ýaşlaryň 5-sine höweslendiriji sowgatlar gowşurylar. Emin
agzalaryň çykaran çözgüdi gutarnyklydyr.
Bäsleşigiň ýeňijilerine we tapawutlanan gatnaşyjylara Türkmenistanyň Magtymguly
adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi tarapyndan Hormat
hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşurylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: