JEMGYÝET

TMÝG «Bagtyýarlykda» sport ýaryşlaryny geçirmäge gatnaşdy

«Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşi, «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe sport guramasy bilen bilelikde guramagynda «Çaga gülküsi — parahatçylygyň owazy» ady bilen sportuň dürli
görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirildi.
Dynç alýan çagalaryň arasynda geçirilen bu ýaryş uly şatlyk-şowhuna beslendi hem-de çagalarda ýatdan çykmajak pursatlary döretdi. Ýaryşyň ahyrynda utuş gazanan topara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşi tarapyndan sowgatlar we Hormat hatlary gowşuryldy.