JEMGYÝET

TKA oba hojalyk işgärleri üçin okuw-maslahatlaryny geçirýär

Ýurdumyzyň daýhanlary häzirki günlerde gowaça ekişine taýýarlyk görmek, bugdaýly meýdanlary ýerli hem-de mineral dökünler bilen gurplandyrmak, miweli baglara ideg etmek ýaly möwsümleýin işleri dowam etdirýärler. Şunuň bilen baglylykda, oba hojalyk hünärmenleriniň, mehanizatorlaryň, inženerleriň hem-de kärdeşler arkalaşyklarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda meýdan işlerinde zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilişine bagyşlanan okuw-maslahatlary geçirilýär.
Okuw-maslahatlarynyň dowamynda ýazky ekiş möwsüminde alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça pikir alşylyp, tejribeli oba hojalyk işgärleriniň öňdebaryjy iş tejribeleri paýlaşylýar. Şeýle-de oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme doly taýýarlamak, bugdaýly meýdanlarda ösüş suwuny tutmak hem-de gök we bakja ekinleriniň ekişini agrotehniki möhletlere laýyklykda ýokary hilli geçirmek bilen bagly maslahatlar berilýär.