«Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç» sagaldyş merkezinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi tarapyndan geçirilen göçme okuw-maslahaty üstünlikli tamamlandy. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe rowaçlanýan Kärdeşler arkalaşyklary» ady bilen guralan maslahata etrap birleşmeleriniň ýolbaşçylary hem-de işjeň agzalary gatnaşyp, häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda kärdeşler arkalaşyklarynyň işini kämilleşdirmek, guramaçylyk usullaryny döwrüň talabyna görä döwrebaplaşdyrmak barada gyzyklanma bildirdiler.
Maslahatyň jemleýji böleginde gatnaşyjylar çykyş edip, duşuşykda orta atylan meseleleriň ähmiýeti barada nygtadylar. Şeýle hem işjeň agzalar özlerini gyzyklandyran sowallaryna giňişleýin jogap aldylar. Okuw-maslahatynyň dowamynda guralan medeni we sport çäreleri gatnaşyjylarda ýakymly täsir galdyrdy. Ýaryşlarda tapawutlanan çykyşlar aýratyn bellenilip, ýeňijiler Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň adyndan höweslendirildi. Bu göçme okuw maslahatynyň netijeleri welaýatda jemgyýetçilik işini has-da ösdürmäge täze itergi berer diýlip garaşylýar.
TKA-nyň welaýat birleşmesi Awazada göçme okuw-maslahatyny geçirdi
25
Nov
