JEMGYÝET

TKA-nyň Saýat etrap birleşmesiniň başlygy Şweýsariýada saparda boldy

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň wekiliýetiniň düzüminde Saýat etrap birleşmesiniň başlygy Yhlas Geldimyradow Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde geçirilen iş saparyna gatnaşdy. Saparyň dowamynda Halkara Zähmet Guramasynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri bilen duşuşyklar geçirilip, Türkmenistanyň bu halkara gurama bilen alyp barýan hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy hem-de geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin býuro bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri boýunça pikir alşyldy.
Duşuşyklaryň çäklerinde Halkara Zähmet Guramasynyň ştab-kwartirasynda bolup, onuň gurluşy, iş ýörelgeleri we dürli ugurlar boýunça alyp barýan işleri bilen tanyşyldy. Şeýle-de zähmet gatnaşyklarynda häzirki döwrüň meseleleriniň halkara derejesinde çözgütleri seljerildi. Saparyň dowamynda öňe sürlen teklipler we gazanylan ylalaşyklar ýurdumyzyň zähmet ulgamyndaky işlerini has-da kämilleşdirmäge hem-de halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gönükdirilendir.