Welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Çärjew, Saýat, Halaç, Döwletli etrap birleşmeleriniň işjeň agzalarynyň gatnaşmaklarynda döwlet Baştutanymyzyň ýöredýän daşary syýasaty barada “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlik geçirildi.
Onda Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesini öňe sürmek bilen, diňe bir durmuş ulgamynyň dürli pudaklarynda ýokary netijeleri gazanmak bilen çäklenmän, eýsem, Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygyň we durnuklylygyň berkidilmegine ägirt uly goşant goşýandygy, bu gün halkara derejede geçirilýän maslahatlaryň, forumlaryň mekanyna öwrülendigi, şu ýyl «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýokary derejede guralan Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň dünýä we sebit ähmiýetli möhüm meseleleriň çözgüdiniň tapylmagynda uly
ähmiýete eýe bolandygy baradaky pikirler beýan edildi.
TKA-nyň Lebapdaky birleşmeleri «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirdiler
24
Oct
