TKA-nyň işjeň agzalary sylaglanyldy
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň tertipnamalaýyn wezipelerini berjaý etmek, jemgyýetde jebisligi pugtalandyrmak, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, zähmetkeşler üçin howpsuz we amatly iş şertlerini döretmäge ýardam bermek maksady bilen «Zähmeti goramak sagdyn we howpsuz iş şertleriniň girewidir» atly maslahat geçirildi.
Onuň barşynda önümçilik kärhanalarynda amatly iş şertlerini döretmekde, tehniki we ekologiýa howpsuzlygyny, zähmet we zähmeti goramak düzgünlerini kanunyň talaplaryna laýyklykda doly berjaý etmekde degişli hünärmenler tarapyndan geçirilen işler boýunça hasabatlar diňlenildi.
Şeýle hem edara-kärhanalarda Zähmeti goramak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň ýerine ýetirilişine seljerme berildi we bu ugurdaky işleri talabalaýyk ýerine ýetirmekde öňdebaryjylar yglan edildiler. Netijede Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky «Buýan» obasenagat toplumynyň zähmetkeşler köpçüligi, Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynyň howpsuz tehniki zähmeti we tebigaty goramak bölüminiň başlygy Ramazan Halbaýew, Çärjew etrap «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň mehanizatory Daňatar Rejepow TKA-nyň welaýat birleşmesi tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanyldylar.