Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Halaç etrap birleşmesiniň etrap bilim bölümi bilen bilelikde guramaklarynda etrabyň çagalar we ýetginjekler döredijilik öýünde «Gyz edebi — il edebi» atly wagyz-ündew çäresi geçirildi.
Halypa mugallymlaryň, kümüş saçly eneleriň, medeniýet işgärleriniň we ýaşlaryň gatnaşmaklarynda geçirilen çärede Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti paýhasyndan dörän gymmatly kitaplarynyň üsti bilen asyllylyk, edep-ekramlylyk, mylakatlylyk, zähmetsöýerlik ýaly häsiýetler ündeldi.
Milli lybaslarymyz, şaý-seplerimiz, ene-mamalarymyzdan galan el işlerimiz barada täsirli gürrüň edildi. Çäräniň dowamynda oňa gatnaşyjylar el işlerinden, haly-palas önümlerinden guralan sergini synladylar.
TKA-nyň Halaçdaky çäresi zenan edebine bagyşlandy
25
Feb

