TKA-nyň Çärjew etrap birleşmesinde hasabat ýygnaklary tamamlandy
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Çärjew etrap birleşmesinde möhüm çäre — nobatdaky hasabat ýygnaklary üstünlikli tamamlandy. Ol ilkinji guramalaryň 154-sini gurşap aldy.
Möhüm çäräni guramaçylykly geçirmek, olaryň netijeliligini gazanmak maksady bilen deslapdan degişli guramaçylyk işleri geçirildi. Olarda ilkinji nobatda üns berilmeli meseleler barada maslahatlar berildi. Hasabat ýygnaklarynda ilkinji guramalaryň alyp baran işlerine seljerme berlip, öňde durýan jogapkärli wezipeler, işleriň netijeliligini ýokarlandyrmagyň ýollary hakynda gyzyklanma bilen pikir alşyldy.