TKA-nyň Çärjew etrap birleşmesi etrap häkimliginde saglyk bilen bagly çäre geçirdi
Çärjew etrap häkimliginde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Çärjew etrap birleşmesiniň guramagynda «Saglyk — baş baýlyk» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Oňa bilim edaralarynyň hünärmenleri, hukuk goraýjylar, mekdep müdirleri, jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary gatnaşdylar.
Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda döwletiň iň gymmatly baýlygy bolan ynsan saglygyny goramak, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak babatynda birnäçe toplumlaýyn işlere badalga berildi.
Häzirki wagtda saglygy goraýyş ulgamyna dünýä lukmançylygynyň öňdebaryjy gazananlarynyň ornaşdyrylmagy we tejribeli hünärmenler bilen üpjün edilmegi netijesinde raýatlaryň saglygynyň goraglylygyny güýçlendirmekde uly üstünlikler gazanyldy.
Şeýle-de Türkmenistan çilimkeşlige garşy alnyp barylýan göreşe goşan ägirt uly goşandy üçin Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Minnetdarlyk şahadatnamasyna mynasyp boldy.