TKA Darganatada wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi
Kärdeşler arklaşyklarynyň Darganata etrap birleşmesiniň gurnamagynda etrap häkimliginiň mejlisler zalynda “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” atly wagyz-nesihat ýygnagy geçirildi.
Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, asyrlar boýy uly isleg-arzuw bilen ýaşan halkymyz, bu günki günde parahatçylygyň, ylalaşygyň we halklaryň arasynda dostlugyň hakyky merkezine öwrülen Garaşsyz,
hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde bagtyýar ömür sürýär.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň ykrar edilmeginiň 30 ýyllyk taryhy senesi bellenilýän döwletimizde ajaýyp wakalar ruhubelentligiň, parahatçylygyň, hoşniýetli gatnaşyklaryň , abadançylygyň binýady bolup taryhymyza girýär. Häzirki zamanyň halkara gatnaşyklary ulgamynda özüniň mynasyp we täsirli ornuny barha berkidýän hemişelik Bitarap Türkmenistan, hormatly Prezidentimiziň çuňňur paýhasly baştutanlygy esasynda, parahatçylygyň
we durnukly ösüşiň täze ýeňişli sepgitlerine tarap ynamly öňe barýar.
Çykyşlaryň soňunda çärä gatnaşanlar halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.