TÜRKMENISTAN HABARLARY

Tizlikde Türkmenistanda ýene bir äpet haly peýda bolar

Türkmenistanda ýurduň Bitaraplyk gününe gabatlap, meýdany 210 inedördül metr haly dokalar. «Türkmenistan. Altyn asyr» saýtynyň ýazmagyna görä, ony Balkan welaýatynyň Serdar şäherindäki çeper haly kärhanasynyň ussat halyçylary dokaýarlar.

«Türkmenhaly» döwlet birleşigi hünärmeni Ogulmaral Amanjaýewanyň aýtmagyna görä, äpet hala ahal gölleri salnar we ol «Türkmeniň ak öýleriniň» birini bezär.

Geçen ýyl Lebap welaýatynyň Halaç etrabyndaky çeper haly kärhanasynyň halyçylary Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli meýdany 168 inedördül metrlik nala meňzedilen tegelek haly dokapdylar.

Şu ýyl 1941-1942-nji ýyllarda dokalan ilkinji äpet «Türkmen kalby» halysynyň dokalanyna 80 ýyl doldy. Ondan kän ýyl geçenden soň meýdany 301 inedördül metrlik «Altyn asyr» halysy dünýäde iň uly el halysy hökmünde Ginnesiň Bütindünýä Rekordlar kitabyna girizilipdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: