DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Tizlikde «The Beatles: Get Back» dokumental sazly film görkezilip başlanar

«Disney +» multimediýa sewrisinde 2010-nji ýylyň 25-nji noýabrynda 1970-nji ýyldan bäri taýýarlanylan dokumental sazly žanrdaky kinonyň görkezilişi bolar. Bu barada «Российская газета» ýazýar.

Bu film örän uzak wagtlap taýýarlanylypdyr. Entek 1969-njy ýylda Pol Makkartni toparyň beýleki agzalaryny «Let It Be» albomynyň ýazgysyna žurnalistleri we telewideniýäniň işgärlerini çagyrmaga yrypdyr. Şondan soň köp sagatlyk kino we surat düşürilipdir, giňişleýin söhbetdeşlikler geçirilipdir.  Bitlziň aýdymçylary şol güne çenli operatorlar we metbugat üçin hiç wagt beýle açyk bolman ekenler.

Ýöne ýagdaý öwerlikli däl eken: Bitlziň agzalary tarapyndan döredilen «Apple Corp. Ltd» kompaniýasy gowşak dolandyrylýandygy sebäpli her hepde köp müňlerçe zyýana galypdyr.

Diňe 2010-njy ýylyň ahyrlarynda filmi döretmäge Pol Makkartnini, Ringo Starrany we Jon Lennonyň we Jorj Harrisonyň dul aýallaryny — Ýoko Onony we Oliwiýa Harrisony çeken Jeksona öň görülmedik wideo we audio arhiwi ynanypdyrlar.

Penşenbe güni, 14-nji oktýabrda «Don’t Let Me Down» we «Let It Be» aýdymlarynyň repetisiýasynyň we studiýada ýerine ýetirilişiniň bölekleri, şonuň ýaly-da «The Beatles»-iň agzalarynyň interwýulary we aýdymlaryň tekstleriniň el ýazgylary görkezildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: