JEMGYÝET

Tizlikde «Samsung» täze smartfonyny görkezer

«Samsung» kompaniýasynyň täze smartfony bilen tanyşdyryşynyň 9-njy fewralda bolmagyna garaşylýar.

«Samsung» özüniň bazalaýyn modelden durýan «S22» flagman smartfonlarynyň seriýasyny, onuň has kämilleşdirilen ulaldylan ekranlysyny («S22+») we «Galaxy S22 Ultra» superflagmanyny görkezer.

Enjamlaryň kameralarynyň obýektiwleriniň daşynda güberilip duran ýerleri bolmaz. Ýöne günorta koreýa flagmanynyň öňki nesilleri bilen deňeşdirilende, häsiýetleri onçakly üýtgemez. Mysal üçin, «S22»-niň esasy kamerasy 108 megapikselligine galar, onuň sensorynyň üstünde biraz işlärler.

Ogrynça gelip gowuşýan habarlara görä, «S22 Ultra»-nyň bezegi «Note» seriýaly enjamlaryňka meňzär. Öndüriji ony öňki ýyldan bäri täzelemedi. Enjamyň içinde oturdylýan «S-Pen» perosyny almagy hem mümkin.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: