LUKMANÇYLYK

Tizlikde koronawirusa garşy ösümlikden alnan waksina peýda bolar

«ТАСС»-yň habar bermegine görä, kanadaly molekulýar biologlar ösümlikden alnan wirusa meňzeş bölejiklerden durýan waksina döretdiler we iki ýüz töweregi meýletinçilerde kliniki synaglarynyň birinji tapgyryny geçirdiler. Synagyň netijeleri «Nature Medicine» žurnalynda çap edilen makalada beýan edilipdir.
Synaga Monrealda we Kwebeked ýaşaýan 18 ýaşdan 49 ýaşa çenli bolan meýletinçiler gatnaşypdyrlar. Biologlar sanjymyň dürli görnüşlerini taýýarlapdyrlar we synaga gatnaşyjylara sanjyp, olaryň immunitetiniň, şonuň ýaly-da bedeniniň nähili kabul edýändigine gözegçilik edipdirler.
Gözegçilik sanjym edileninden soň meýletinçileriň biri ýadawlyk duýdy diýäýmeseň, hiç hili zyýanly täsir etmändigini görkezipdir. Umuman alnanda, ol adam üçin zyýansyz bolup çykypdyr.
Alymlar ýakyn günlerde kliniki synaglaryň ikinji we üçünji tapgyrlarynyň netijelerini çap etjekdiklerini aýtdylar.

 

 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply