«Titanik» gark bolmady diýen pikir bar
1912-nji ýylda gäminiň heläk bolmandygy baradaky habar bütin dünýäni sarsdyrdy. Tehniki öňe gidişligiň anyk nusgasy we şol döwürde innowasion arzuwlaryň aňry çägi bolan gämi buzdag (aýsberg) bilen çaknyşandan soň suwuň aşagyna çümüp gitdi. Ýöne muňa garamazdan «mail.ru»-nyň «Popular Mechanics»-e salgylanyp ýazmagyna görä, soňky ýyllarda internetden peýdalanýanlar gark bolan gäminiň «Titanik» däldigi baradaky pikiri öňe sürýärler.
Neşir şeýle bolandygy mälim diýip ýazýar: 1912-nji ýylyň 15-nji aprelinde, hakykatdan hem, Demirgazyk Atlantikanyň doň ýaly suwunda gämi heläkçilige uçrady we ondaky ýolagçylaryň 1500 töweregi wepat boldy. Adaty aýdylanlara laýyk gelmeýän pikire görä gämini öndüren «White Star Line» britan kompaniýasy Sautgemptomdan Nýu-Ýorka gitjek gämini çalşypdyr. Öňünden aýdylan «Titanige» derek ýüzüşe «Olimpik» atly köne gämi goýberilipdir.
«Olimpik» «White Star Line»-niň birinji we esasy gämisi eken. Ýöne 1911-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda ol «Houk» harby gämisiniň deňinden geçip barýarka duýdansyz yzyna öwrülipdir. Netijede gämiler çaknyşypdyrlar. Şondan soň kompaniýa bilen kazyýetleşip. «Olimpik» kompaniýa diňe çykdajy getirip başlapdyr. Sebäbi ätiýaçlandyrylan pullar ony abatlamak üçin ýetmändir. Adaty bolmadyk çaklamalaryň tarapdarlary hut şu faktdan ugur alýarlar.
«White Star Line» kompaniýasy «Titanigi» «Olimpik» bilen çalşandyr we betbagtçylygyň netijesinde gark etjek bolandyr diýen çaklama bar. Şeýle bolanda, kompaniýa ätiýaçlandyryş edarasyndan täze gäminiň bahasyny alyp bilýär. Şol ir wagtyň özünde bolsa bütin we hiç hili zeper ýetmedik gämi hem galýar.