Time žurnaly ABŞ-nyň saýlanan Prezidenti Donald Trampa “Ýylyň adamy”
adyny berdi.
Neşir ony “dünýäde iň güýçli adam” diýip atlandyrdy. Materialda Trampyň
syýasy taýdan gaýdyp gelmeginiň amerikan taryhynda aýratyn wakadygy
aýdylýar.
“Iýul aýynda Pensilwaniýa ştatynyň Batler şäherindäki duşuşykda ganhoryň oky
onuň kellesiniň bir dýuýmdan hem ýakyn ýerinden uçup geçdi. Soňky dört aýda
ol bir däl-de, iki demokrat garşydaşyndan üstün çykdy, ähli “durnuksyz”
ştatlarda ýeňiş gazandy we soňky 20 ýylda halkyň ses bermeginde ýeňiş
gazanan ilkinji respublikaçy boldy. Ol Respublikan partiýany gaýtadan gurup,
demokratlary nädogry zatlar barada pikirlenmäge mejbur edip, amerikan
syýasatyny üýtgetdi” – diýlip, redaksiýada bellenildi. Time “Ýylyň adamy” adyny 1927-nji ýyldan bäri berýär. Ony, redaksiýanyň
pikiriçe, soňky 12 aýda, oňyn däl hem bolsa, dünýä uly täsirini ýetiren adamlar
alýar. Şu ýyl bu at üçin ABŞ-nyň wise-prezidenti Kamala Harris, işewür Ilon
Mask we Meksikanyň taryhynda ilkinji zenan Prezidenti Klaudiýa Şeýnbaum
dalaş etdi. Geçen ýyl ýylyň adamy aýdymçy Teýlor Swift, ondan öňki ýyl
Wladimir Zelenskiý boldy.
«Time» ýylyň adamsyny saýlady

14
Dec