JEMGYÝET

«TikTok» öz blogerlerine pul gazanmaga mümkinçilik döretmekçi

«TikTok»-da blogerlere tölegli ýazylmak mümkinçiligini goýbermek barada oýlanýarlar. Ozal şular ýaly karara gelendikleri barada «Instagram» yglan edipdi. Bu barada «Российская газета» ýazýar.

«TikTok»-da haýsy funksiýalaryň tölegli boljakdygy barada hiç zat aýtmadylar, ýöne «The Information» neşirine «platforma belli bir kontentlere ýazylmak üçin töleg almaklygyň mümkinçiligini synagdan geçirýär» diýip habar berdiler. Ozal bu mümkinçiligi synag görnüşinde «Instagram»-a çatypdylar. Blogerler öz taryhlaryna belli bir mukdarda töleg alyp (1 dollardan 100 dollara çenli), bir gezek girmäge mümkinçilik berip bilerler. Ulanyjylara bolsa beýleki adamlara iberip bilmezler ýaly, taryhy we posty skrinşot edip (kesip) almagy gadagan ederler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: