YKDYSADYÝET

Tikin fabriginde 16 milliona derek 20 million manatlyk iş edildi

Türkmenabadyň Tikin fabriginde şu ýylyň başyndan bäri öndürilen önüm pul hasabynda 20 million manatdan hem geçdi. Aslynda, geçen döwürde bu ýerde 16,6 million manatlyk önüm öndürmek meýilleşdirilýärdi.

Şeýlelikde fabrikde bäş aýlyk meýilnama göz öňünde tutulanyndan hem 20 göterim kän berjaý edildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ösüş depgini bolsa 101 göterime ýetdi.

41 ýaşly fabrikde tikin enjamlary yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Bu ýerde gyz-gelinleriň 455-si agzybirlikde zähmet çekýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: