Tikin fabriginde 10 million manatlykdan gowrak iş edildi
Türkmenabadyň tikin fabriginde şu ýylyň geçen döwründe tikin önümleriniň 9 million 900 müň manatlygy meýilleşdirilip, bu görkeziji 10 million 409 müň 214 manatlyga ýetirildi. Iş meýilnamasy 105,1 göterim berjaý edildi.
Işe başlanyna şu ýyl 42 ýyl dolýan bu kärhana jemi üç bölümden, ýagny, biçim, tikin we trikotaž bölümlerinden ybarat bolup, bu ýerde ökde tikinçileriň 500-den gowragy yhlasly zähmet çekýär.
Durkuny täzeleýiş işleri geçirilen fabrigiň önümçiliginde häzirki wagtda ABŞ-nyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Hytaýyň, Italiýanyň, Russiýanyň, Türkiýäniň meşhur kompaniýalarynda öndürilen tikin maşynlary we tikinçilik enjamlary bökdençsiz işledilýär. Kuwwatly tehnologiki güýje daýanýan fabrikde, esasan-da, sargytlar esasynda harby işgärler, çagalar üçin niýetlenilen egin-eşikleriň dürli görnüşi, okuwçy gyzlar üçin köýnekler, öňlükler, penjekler, sport egin-eşikleri, ýorgan-düşek toplumlary, jalbarlar we başga-da dürli görnüşli tikin we trikotaž önümleri öndürilýär.
Tikin fabriginiň önümleri, esasan hem, «Altyn asyr» harytşynaslyk merkeziniň söwda dükanlarynyň üsti bilen ilata hödürlenilýär.