Kanadaly 33 ýaşly aýdymçy The Weeknd iki sany dünýä rekordyny goýdy.
Bu rekordlaryň ilkinjisi «Spotify»-da diňleýjileriň aýlyk sany bilen baglydyr. Onuň aýdymlaryny meşhur aýdym-saz portalynda bir aýda 100 milliondan gowrak adam diňledi.
Platformanyň maglumatlaryna görä, onuň 2020-nji ýylda çykaran «Blinding Lights» atly aýdymy ähli döwürleriň iň kän diňlenen aýdymy boldy. Bu trek şu güne çenli 3,47 milliard gezekden hem köp diňlenilipdir.
The Weekndiň 1990-njy ýylyň 16-njy fewralynda Kanadada doglandygyny ýatladýays. Ol 2017-nji ýylda «Forbes» žurnaly tarapyndan taýýarlanan sanawda 30 ýaşa çenli sport we şou ýyldyzlarynyň arasynda iň köp gazanýany boldy. Neşiriň maglumatlaryna görä, onuň ýyllyk girdejisi 92 million dollara ýetýär.
