Türkmenabat şäherindäki 11-nji orta mekdebiň uçurymlary we okuwçysy, doganlar Ruslan, Arslan we Daýanç Priýewler Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasynda we Ýaşlar birinjiliginde çykyş edýärler.
Häzirki wagtda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda bilim alýan Ruslan Priýew şu möwsümiň başyndan bäri Türkmenbaşy şäheriniň “Şagadamynda” futbol oýnaýar. Ol “Ahaldan” kärendesine alyndy. Ýokary ligada baý tejribe toplan 24 ýaşly goragçy türkmenabatly tälimçiler Timur, Artýom Husayinowlaryň we Serdar Durdyýewiň şägirdidir.
Doganlaryň ortanjysy — 21 ýaşly Arslan Priýew hüjümçidir. Ol paýtagtyň «Köpetdagynyň» futbolçysy. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 4-nji ýylynda okaýan Arslan Ýaşlar birinjiliginiň geçen tapgyrynda toparyna ýeňiş getiren goly hem geçirdi. Has takygy, birinjiligiň 9-njy tapgyrynda Mary şäherinde geçirilen duşuşykda «Köpetdag» 1:0 hasabynda ýeňiş gazandy. Duşuşykdaky ýeke-täk goly 47-nji minutda Arslan Priýew geçirdi.
Doganlaryň körpesi — 16 ýaşly ýarym goragçy Daýanç Priýew häzirki wagtda «Aşgabat» futbol toparynyň ýaşlar düzüminde futbol oýnaýar. Türkmenabat şäherindäki 11-nji orta mekdebiň 11-nji synpynda okaýan Daýanç toparyň duşuşyklaryna gatnaşmak üçin hem wagt tapýar. Ol Ýaşlar birinjiliginde eýýäm jogapkärçilikli duşuşyklaryň ençemesine gatnaşdy.
Türkmenabatly futbolçylar TFF-niň Lebap welaýatyndaky wekili, türkmen futbolynyň meşhur wekilleriniň biri Kamiljan Priýewiň ogullarydyr.
TFF-niň ýaryşlaryna Türkmenabadyň bir mekdebinden 3 futbolçy gatnaşýar

05
May