DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Terjimeçi örtük öndürildi

Ýaponiýanyň robot tehnologiýasy boýunça iş alyp barýan kompaniýalarynyň biri eýesiniň aýdanlaryny başga dillere terjime edýän agyz-burun örtügini işläp taýýarlady.
Şeýlelik bilen, örtügiň eýesini koronowirus howpundan goraýjylyk ukyby artar. Dünýä metbugatynda bu örtügiň dokuz dile ― iňlis, fransuz, indonez, ispan, ýapon, hytaý, koreý, tailand we wýetnam dillerine terjime edip bilýändigi aýdylýar. Örtük blýutuzyň kömegi bilen mobil telefony arkaly dolandyrylýar.
Sentýabrda satlyga çykaryljak örtük ilkinji tapgyrlarda Ýaponiýada satylar, soňrak bolsa Hytaý, Ýewropa we ABŞ bazarlaryna çykar. Terjimeçi örtük 40 dollar bahalanýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: